Aşgabatda we Arkadag şäherinde köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

  • 08.03.2026 21:52
  • 7.4k+

Türkmenistanda «Ene mähri» hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde berlen maglumatlara görä, Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan bu dabaralar Aşgabatda we Arkadag şäherinde geçirildi.

Sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneler täze jaýlaryň eýesi boldy.

Täze gurlan ýaşaýyş jaýlary rahatlygyň ähli talaplaryna doly laýyk gelýär. Öýleriň taslamasynda giň otaglar, döwrebap enjamlaşdyrylan aşhanalar we beýleki zerur otaglar göz öňünde tutulypdyr.

Ýaşaýyş jaýlarynyň döwrebap ülňülere laýyk gelýändigi we milli binagärlik däplerini özünde jemleýändigi bellenilýär. Ýaşaýyş toplumlarynyň howlularynda ähli ýaşdaky adamlar üçin dynç almaga ähli şertler döredilipdir.

Täze öýleriň eýesi bolan zenanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa öz çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdi.


06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

06.06.2026 16:07
6.9k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

02.06.2026 17:31
1.4k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....