Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň işewürlik we söwda merkezleriniň içki bezeg taslamalary bilen tanyşdy

  • 09.03.2026 01:34
  • 6.7k+

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we olaryň içki bezegleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Milli Lideriň garamagyna täze şäheriň metjidiniň gurluşygynyň taslamalary, bezeg çözgütleriniň nusgalary we gurluşykda ulanyljak serişdeler hödürlendi. Önümçilik desgalarynyň enjamlaşdyrylyşyna we iş otaglarynyň guralyşyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow taýýarlanan binagärlik taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Olaryň arasynda lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň taslamalary, söwda we işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, desgalaryň ýerleşdirilişiniň şekil taslamalary, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalar üçin çözgütler bar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen içgin tanyşyp, olar boýunça birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ol şäheriň ikinji tapgyryndaky her bir binanyň özboluşly binagärlik aýratynlygynyň bolmalydygyny belledi. Taslamalar durmuşa geçirilende döwrebap tehnologiýalary milli binagärlik däpleri bilen utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.


şu gün 12:31
2.2k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
474

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
670

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......