Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär

  • 08.03.2026 17:52
  • 4.2k+

Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar.

Täze topluma brend bilen hyzmatdaşlyk edýän dünýäniň iň uly klublarynyň taryhy lybaslary girer. Olaryň arasynda «Real Madrid», «Mançester Ýunaýted», «Arsenal», «Bawariýa», «Ýuwentus», «Nýukasl Ýunaýted» we «Liwerpul» bar. Ähli modeller Adidas-yň ady agzalan toparlar bilen hyzmatdaşlyk eden ýyllaryndaky nusgalaryna esaslanyp dörediler.

Ilknji nusgalar «Nýukasl Ýunaýted» bilen «Ýuwentusa» niýetleniler. «Alahekekler» üçin 1996–1997-nji ýyllaryň möwsüminiň dizaýnyndan ylhamlanan ýörite toplum taýýarlanylýar. «Liwerpula» bolsa täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde her ýyl retro-lybaslar çykarylar. Ilkinji model 2026-njy ýylyň fewralynda peýda bolar we ol klubyň 1995-nji ýyldaky myhmançylykda geýen eşiginiň gönümel nusgasy bolar.

Tolpumlaryň esasy bölegi 2027-nji ýylda satuwa çykarylar. Bu taslama futbol klublarynyň taryhy we nusgawy dizaýnlary bilen gyzyklanýan janköýerlere gönükdirilendir.


23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.9k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.3k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......