Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň gurluşygy boýunça belliklerini aýtdy

  • 09.03.2026 02:23
  • 9.1k+

7-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň seýilgähiniň gurulýan ýerine baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi.

Milli Lider täze şäheriň desgalary gurlanda diňe bir binalaryň gurluşygyna däl, eýsem olaryň bezeg aýratynlyklaryna hem üns bermelidigini belledi. Şeýle-de, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekillere aýratyn jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aýtdy.

Seýilgähde oturdylan düýe kerweniniň we atlaryň şekilleriniň çeperçilik derejesiniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem Milli Lider bedew bilen baglanyşykly esbaplaryň şekilleriniň oturdylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow atyň şekilleriniň üstünde işlemäge Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýaş mugallymlaryny we talyplaryny çekmelidigini aýtdy.

Mundan başga-da, ol seýilgähiň şäheriň ekologiýa ýagdaýyny kadaly saklamakdaky ornuna ünsi çekip, ýaşyl zolaklary döretmegiň we hemişe gök öwüsýän baglary oturtmagyň zerurdygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan işleriň döwrebap talaplara laýyk gelmeýändigi bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn esada çemeleşmek babatda degişli ýolbaşçylara özüniň degerli maslahatlaryny berdi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......