Oliweýra 11 ýyldan soň Holloueýden ar alyp, BMF guşagynyň eýesi boldy

  • 08.03.2026 16:07
  • 9.2k+

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra amerikaly Maks Holloueýi ýeňip, Las-Wegasdaky «Ti-Mobaýl» arenasynda geçirilen UFC 326 ýaryşynda BMF titulyny gazandy. Agşamyň esasy söweşinde garşydaşlar tutuş bäş raund söweşdi, şondan soň eminler biragyzdan ýeňşi Oliweýra berdi — 50:45.

Bu üstünlik braziliýaly söweşijä professional rekordyny 37 ýeňşe ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle-de, onuň hasabynda 11 ýeňliş bar. Holloueý üçin bolsa bu ýeňliş karýerasynda dokuzynjy şowsuzlygy boldy.

Bu duşuşyk olaryň 2015-nji ýylyň awgustynda başlanan tutluşygynyň dowamy boldy. Şonda amerikaly söweşiji Oliweýranyň şikes almagy sebäpli tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanypdy. Indi 11 ýyldan soň Oliweýra tutuş 25 minutyň dowamynda söweşiň gidişini ele alyp, rewanş almagy başardy.

Ýaryşyň ýene bir esasy söweşinde braziliýaly Kaýo Borralýo eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen Renýe de Ridderi ýeňlişe sezewar etdi.

UFC 326 ýaryşynyň beýleki söweşleriniň netijeleri:

  • Raul Rosas Rob Fonty eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňdi.
  • Drýu Dober Maýkl Jonsony ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.
  • Gregori Rodriges Brunno Ferreýrany birinji raundda nokaut bilen ýeňdi.
  • Kodi Garbrandt Ksýao Lony eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňdi.
  • Donte Jonson Kodi Brandeýji eminleriň tapawutly çözgütleri bilen ýeňdi.
  • Alberto Montes Rikki Tursiosy ikinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi.
  • Nýamjargal Tumendemberel Kodi Dardeni eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňdi.
  • Su Mudaerži Hesus Agilary eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňdi.
  • Diýar Nurgožaý Rafael Tobiasy eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňdi.
  • Rodolfo Bellato Lýuk Fernandezi birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.

26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......