Garga özüne azar beren adamy ýatda saklap, ol hakda beýleki guşlara-da habar berip bilýär

  • 08.03.2026 10:01
  • 6.1k+

Gargalar adamlary tanamaga, olaryň özüni alyp barşyny ýatda saklamaga we bu maglumaty beýleki guşlara ýetirmäge ukyplydyrlar. Bu barada Şmalgauzen adyndaky Zoologiýa institutynyň ylmy işgäri Natalýa Atamas RBK-Ukraina neşirine beren interwýusynda gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, beýle ukyplar ähli guşlara mahsus däl. Meselem, gögerçinler adamlary saýgaryp bilmeýärler, ýöne gargalar özlerine iýmit berenleri ýa-da, tersine, özüne garşy çemeleşenleri gowy ýatda saklaýarlar.

«Gögerçinler asla beýle däl, ýöne gargalar özüne bir gezek iýmit beren adamy-da, kesek zyňany-da gowy ýatda saklaýarlar. Üstesine olar bu hakda töwerekdäki beýleki gargalary-da habarly edip bilýärler» diýip, Atamas belledi.

Ornitolog alym munuň ýörite synag arkaly subut edilendigini aýtdy. Synagda ýüzüne nykap geýen adamlar bilgeşleýin guşlary gorkuzypdyrlar, gygyrypdyrlar we daş zyňypdyrlar. Netijede, gargalar aradan uzak wagt geçenden soň hem şol nykaply adamlary tanap, olara topulyp başlapdyrlar.

«Aslynda azar berlen bir gargady. Ýöne  soň töwerekdäki beýleki gargalar hem üýşüp, şol adama topulyp başladylar» diýip, alym synagyň haýran galdyran tarapyny nygtady.

Gargalaryň zandyna siňen bu endik ýyllar boýy saklanyp bilýär we guşlara howply ýerlerden gaçmaga kömek edýär. Şeýle-de bolsa alym gargalaryň akylynyň 7 ýaşly çaganyňky ýalydygy baradaky gürrüňleriň az-kem howaýydygyny tassyklady we «Gargalar oýnamaga, hile gurmaga, endikleri nesle geçirmäge ukyplydyrlar, ýöne olary 7 ýaşly çagalar bilen deňäp bolmaz» diýip, aýratyn belledi.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

19.06.2026 19:40
2.9k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....