Hytaýda uçýan ýel turbinasyny 2000 metr belentlikde synagdan geçirildi

  • 09.03.2026 10:39
  • 3.5k+

Hytaý ýokary belentlikde elektrik energiýasyny öndürýän we ony kabel arkaly ýere geçirýän SAWES Type S2000 uçýan ýel turbinasyny synagdan geçirdi.

Bu turbiniň ilkinji prototipi 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda görkezilipdi. Şondan bäri modeller ölçegleri boýunça ulaldy we has ýokary belentliklerde işläp başlady. Işläp düzüjileriň aýdyşyna görä, S2000 öz görnüşindäki ilkinji megawatt klasyndaky ýel energiýasy ulgamydyr.

Synaglar ýanwar aýynda Siçuan welaýatynyň Ibin şäherinde geçirildi. Turbina takmynan 2000 metr belentlige galdy, elektrik ulgamyna birikdirildi we 385 kilowatt-sagat elektrik energiýasy öndürdi. Bu mukdar ortaça öýi takmynan 13 günläp elektrik bilen üpjün etmäge ýeterlikdir.

Gurluşyň uzynlygy 60 metr, beýikligi we ini 40 metr. Turbina umumy kuwwaty 3 megawatt bolan 12 elementden ybarat.

Işläp düzüjiler şeýle ulgamlaryň däp bolan ýel turbinalaryna alternatiwa bolup biljekdigine ynanýarlar. Olaryň önümçiligi üçin takmynan 90% az material gerek bolýar we gurnamak üçin beton binýady ýa-da polat diň gerek däl.

Ulgam uçuşyň beýikligini awtomatiki usulda ýeliň optimal tizligine sazlaýar. Şeýle hem, SAWES aragatnaşyk, dronlara zarýad bermek we maglumatlary gaýtadan işlemek üçin şuňa meňzeş aerostatlary ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär.


17.06.2026 10:34
2.2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....