Milli Lider ýaşaýjylary Arkadag şäherine göçürmek meselesine toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy

  • 09.03.2026 01:51
  • 12k+

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde berlen maglumata görä, maslahatyň dowamynda Mämmedowa gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň barşy barada habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, jaýlara göçürmek işleri tassyklanan maksatnama laýyklykda amala aşyrylýar, şäheriň arassaçylyk we abadanlaşdyrylyş derejesi degişli ýagdaýda saklanylýar.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň we dabaralaryň maksatnamasy barada maglumat berildi.

Hasabaty diňläp, Milli Lider ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmak bilen, ýaşaýjylary täze jaýlara göçürmek bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn esasda çözülmelidigini nygtady. Ol binalaryň enjamlaşdyrylyşyna we sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Gaznanyň bäş ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada durup geçmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.


11.05.2026 22:55
856

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......