Alymlar çepbekeýleriň bäsdeşlige has meýillidiginiň sebäbini tapdylar

  • 08.03.2026 13:18
  • 3.9k+

Näme üçin boks, gylyçlaşmak ýa-da tennis boýunça çempionlaryň arasynda çepbekeýler has köp duş gelýär? Täze ylmy barlaglar munuň sebäbiniň fiziki ukyplarda däl-de, eýsem psihologiýada ýatandygyny görkezdi.

Scientific Reports ylmy žurnalynda çap edilen netijelere görä, köplenç çepbekeýler bäsdeşlige has meýilli bolýarlar. Şeýle netijä gelinmegine italiýaly we germaniýaly alymlaryň 1100-den gowrak meýletinçiniň maglumatlaryny içgin öwrenmekleri esas boldy. Şoňa görä, saglakaýlar adatça aç-açan, aýratynam ynjalyksyzlyk döredýän bäsdeşlikden gaça durmaga çalyşýarlar. Çepbekeýler bolsa diňe ýeňiş üçin däl, eýsem özüni ösdürmek we bäsleşigiň lezzetini almak üçin hem ýaryşmaga mydama taýýardyrlar.

Alymlar bu babatda ýene bir çaklamany, ýagny «Çepbekeýler hereket taýdan has çalasynmy?» diýen soragyň jogabyny aýdyňlaşdyrmak üçin ikinji bir synagy geçirdiler.

Synaga çepbekeýlerden we saglakaýlardan ybarat 48 sany meýletinçi gatnaşdy. Olar el barmaklarynyň inçe hereketlerini we çalasynlygyny barlap görýän ýörite ýumuşlary ýerine ýetirdiler. Bu synag garaşylmadyk netije berdi we iki toparyň arasynda hereketleriň çaltlygy, işe çulumlyk babatda üýtgeşik tapawut tapylmady. Şunlukda bäsdeşlik ukybynyň bedende däl-de, ruhy dünýäde –psihologiýada gizlenendigi mälim boldy.

Bellemeli ýene-de bir ýagdaý bar. Ewolýusion biologiýada adamlaryň takmynan 10%-niň çepbekeý bolmagy müňlerçe ýyl bäri üýtgemän gelýän görkezijidir. Şol sebäpden hem, alymlaryň pikiriçe, has köplük bolan saglakaýlar jemgyýetçilik hyzmatdaşlygyna we agzybirlige has golaý bolýarlar, çepbekeýler bolsa, tersine, gapma-garşylyklarda we ýaryşlarda derrew öňe çykmagy başarýarlar.

Bu has-da sportda ýiti duýulýar. Garşydaşlaryna çepbekeýleriň tehnikasyny öňünden çaklamak kyn bolýar. Mundan başga-da, çepbekeýleriň saglakaýlar üçin niýetlenen dünýäde ýaşamaly we uýgunlaşmaly bolandyklary üçin, olarda bäsdeşlik ukyby we çemeçillik has ir kemala gelýär.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

21.06.2026 16:13
4.5k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......