Hytaý milliarderleriň sany boýunça ABŞ-dan öňe geçdi

  • 08.03.2026 12:54
  • 6.2k+

Hytaý baýlygy 1 milliard dollardan geçýän adamlaryň sany boýunça ýene-de dünýäde birinji orna çykdy. Bu barada Hurun gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan «Hurun Global Rich List 2026» hasabatynda bellenilýär.

Reýtingiň maglumatlaryna görä, dünýädäki milliarderleriň sany ilkinji gezek 4 müňden geçip, 4 020 adama ýetdi. Hytaý birinji orny eýeleýär — bu ýurtda 1 110 sany milliarder bar. Bu geçen ýylky görkezijiden 287 adam köpdür.

ABŞ 1 000 milliarder bilen ikinji orunda durýar — bu bolsa bir ýyl ozalkysyndan 130 adam köpdür.

Sanawdan 100-den gowrak adamyň çykandygyna garamazdan, milliarderleriň umumy sany bir ýylda 578 adam artyp, rekord derejä ýetdi. Reýtinge ilkinji gezek 726 sany täze agza goşuldy — bu bolsa ortaça her günde iki adama deňdir. Olaryň 318-si Hytaýda peýda boldy.

Üçünji orunda 308 milliarder bilen Hindistan ýerleşýär. Ondan soňra Germaniýa (171), Beýik Britaniýa (150) we Şweýsariýa (114) gelýär.

Şäherleriň arasynda Nýu-Ýork öňe saýlanýar — ol ýerde 146 milliarder ýaşaýar.

Ilon Mask 792 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamy bolmagynda galýar. Ikinji orunda bolsa baýlygy 300 milliard dollar diýlip hasaplanýan Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jef Bezos durýar.


düýn 14:01
6.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 16:26
5.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

10.06.2026 08:04
9.3k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....