8.9k+

Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ahmet Çalygy kabul etdi

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belledi...

9.1k+

Samsung geljekki Galaxy S26 flagmanlary barada ilkinji maglumatlary berdi

Samsung ilkinji gezek geljekki Galaxy S26 smartfon hatary barada gürrüň berdi. Kompaniýa 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň maliýe netijelerine bagyşlanan maslahatda resmi maglumatlar bilen paýlaşdy. Indiki smartfon hatary has kuwwatly prosessora, kämilleşdirilen emeli aňa we täze kameralara eýe bolar...

4.2k+

“Ýewrowideniýede” hiç haçan ýeňiş gazanmadyk ýurt gaýdyp gelýär

Iki ýyl arakesmeden soň 2026-njy ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine Rumyniýa gaýdyp gelýär. Bu barada Rumyniýanyň TVR ýaýlymy habar berip, bu aralykda ýurduň içerki saýlama prosesini gowulandyrmagyň we ýokary hilli şüweleňi taýýarlamagyň üstünde işländigini belledi...

8.4k+

Toyota kiçijik ýük ulagyny hödürledi, ony alyjylaryň özi ýygnap bilýär

Japan Mobility Show 2025 sergisinde Toyota doly ýygnalmadyk ýaly görünýän uly bolmadyk IMV Origin ýük ulagyny görkezdi. Ýöne kompaniýanyň asyl niýeti ony şeýle hödürlemekdi. Toyota awtoulagyň ösüp barýan ýurtlara, şol sanda Afrika ýarym sökülen görnüşde iberiljekdigini we ony ýerinde ýönekeý gurallaryň kömegi bilen ýygnap boljakdygyny aýtdy...

2.2k+

Windows 11-de täze, has amatly “Başlat” menýusy peýda boldy

Microsoft 25H2 we 24H2 wersiýaly Windows 11 üçin KB5067036 täzelenmesini çykardy. Ol ozal Windows Insider programmasynyň çäklerinde synagdan geçirilen täzelenen “Başlat” (Пуск) menýusyny hödürledi. Menýu ulanyjylar üçin has çeýe we amatly bolup, täze sazlama mümkinçiliklerini hödürleýär...

4.3k+

Alymlar nanotirannozawrlaryň ýaşap geçendigini subut etdiler

Demirgazyk Karolina ştatynyň uniwersitetinden amerikaly paleontologlar nanotirannozawrlaryň, hakykatdanam, gadymy ýyrtyjylaryň aýratyn görnüşi hökmünde ýaşap geçendigini tassyklady. Olar tapylan nusgalaryň biriniň süňklerini gaýtadan seljerip, şeýle netijäni öňe sürdi...

10k+

Saud Arabystany Messiniň gysga wagtlyk transferini ret etdi

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan öň Saud Arabystanynda birnäçe aý bolup bilerdi, ýöne ýurduň häkimiýetleri şeýle teklipden ýüz öwürdi. AFP-niň habar bermegine görä, Mahd akademiýasynyň baş direktory Abdulla Hammad bu barada Thmanyah podkastyna beren interwýusynda aýtdy...

5.1k+

Türkmenistanly türgen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanly türgen Rahmet Taganow Tailandyň paýtagty Bangkokda geçirilýän jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal aldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.  "Hua Mak Indoor Stadium" sport arenasında geçirilýän iri ýaryşa dünýäniň 59 ýurdundan 800-den gowrak türgen gatnaşýar...

2.6k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...

4.7k+

Maserati Italiýanyň polisiýasyna 630 at güýji bolan superkar berdi

Maserati kompaniýasy Italiýanyň polisiýasynyň Carabinieri bölüminiň hyzmaty üçin täze MC Pura superkaryny sowgat berdi. Ulag tutuş ýurt boýunça organlary we gany dessin eltip bermek üçin ulanylar. Polisiýanyň talaplaryna laýyklykda, awtoulagyň üstüne we bamperlerine goşmaça LED yşyklar ornaşdyryldy...

4.6k+

Mercedes-Benz täze S-Class PHEV 2026 modelini hödürledi

Mercedes-Benz 2026-njy model ýylynyň täze S-Class PHEV görnüşini resmi taýdan hödürledi. Täze model diňe bir konfigurasiýada — S 450 e L görnüşinde elýeterli bolar. Onuň Hytaý bazaryndaky resmi bahasy 194 müň dollardan başlanýar...

3.7k+

PSŽ geçen möwsümde rekord – 837 mln ýewro gazandy

“Pari Sen-Žermen” futbol kluby geçen möwsüm boýunça 837 million ýewro girdeji gazandy. Bu maglumat klubuň çap eden maliýe hasabatynda görkezilýär. Bu görkeziji klub üçin rekord hasaplanýar. Gurama erkekler we aýallar futbol toparlaryny, şeýle-de gandbol, dzýudo we kibersport ugurlaryny öz içine alýar...

3k+

«Bir gezek... Golliwudda» filminiň dowamy Netflix-de 2026-da çykar

«Bir gezek ... Golliwudda» («Однажды… в Голливуде») filminiň dowamynyň «Kliff Butuň başdan geçirenleri» («Приключения Клиффа Бута») diýen at bilen Netflix-de 2026-njy ýylyň tomsunda çykmagyna garaşylýar. Bu barada Variety habar berýär...

10k+

«Şowly baha» hususy kärhanasy gozgalýan we gozgalmaýan emläklere baha kesmek hyzmatyny hödürleýär. Ol näme üçin gerek?

BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK? Ýönekeý dilde aýdylanda... Mysal üçin, islendik adam belli bir maksat bilen bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar...

3.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar...

1.7k+

Türkmenistan Serbiýa bilen gatnaşyklary berkitmek we «EKSPO-2027-ä» gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdy

30-njy oktýabrda Belgrad şäherinde Türkmenistanyň hem-de Serbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, serbiýa tarapyna bu ýurduň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdiler...

3k+

Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde halypa zenanlaryň goşandy maslahatlaşyldy

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň mejlisler zalynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdyrlar...

3.4k+

Kia elektrik EV4-iň ilkinji suratlaryny görkezdi

Kia kompaniýasy 2026-njy ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýän sport görnüşli elektrik hetçbek modeli bolan EV4-iň ilkinji suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulag gizlinlik örtügine gaplanyp görkezilýär. Kia EV4 GT sport görnüşli bamperler, ýiti reňkli tormoz supportlary we täze diskler bilen tapawutlanýar, yzynda bolsa dik ýagtylyk blogy bilen enjamlaşdyrylan diffuzor ýerleşýär...