Rim papasyna şahsy belgili üýtgeşik Ford Exploreri sowgat berdiler

  • 10.03.2026 11:01
  • 6k+

Ford kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jim Farli Rim papasy Lew XIV-ä ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen Ford Explorer awtoulagynyň ýörite görnüşini gowşurdy. Bu awtoulag 2026-njy ýylyň «Ford Explorer Platinum» modeliniň esasynda taýýarlanyp, hromlanan detallary bolan gara reňkli kuzowa hem-de «DA POPE» we «LEO XIV» diýen şahsy döwlet belgilerine eýedir.

Ulagyň esasy aýratynlyklary onuň salonynda jemlenýär. Içki bezegde iki reňkli deri ulanylyp, papanyň doglan şäheri bolan Çikagonyň baýdagynyň nyşanlary we şäheriň keşbi çekilipdir. Bosagalarynda Mukaddes Petr bazilikasynyň suratlary ýerleşdirilen ulag tehniki taýdan Ýewropanyň radioýaýlymlaryny kabul edip bilýän ses ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Awtoulagyň kapotynyň aşagynda 3,3 litrlik, 318 at güýjüne deň bolan V6 gibrid motory ýerleşdirilipdir. Häzirki wagtda bu gibrid ulgamy esasan «Police Interceptor» atly polisiýa modellerinde ulanylýar. Jim Farliniň aýtmagyna görä, Rim papasy täze ulagda az wagtlyk gezelenç etdi we onuň şahsy bezeglerine ýokary baha berdi.

Bu awtoulag katolik ybadathanasynyň baştutany üçin ýörite döredilen ýeke-täk nusgadyr.


05.06.2026 15:49
3.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
2.8k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....