Samsung heniz satylyp başlanmadyk Galaxy S26 smartfonlary üçin ilkinji täzelenmäni çykardy

  • 10.03.2026 16:25
  • 7.2k+

Samsung kompaniýasy Galaxy S26, Galaxy S26 Plus we Galaxy S26 Ultra smartfonlary üçin ilkinji programma üpjünçiligi täzelenmesini çykardy. Bu täzelenme eýýäm Günorta Koreýada ýaýradylyp başlandy we tiz wagtdan beýleki ýurtlarda-da elýeterli bolar.

Täze seriýanyň bölek satuwdaky söwdasy 11-nji martda başlaýar. Muňa garamazdan, enjamlar eýýäm howpsuzlyk täzelenmesini almaga ýetişdi.

Galaxy S26 seriýasy üçin ilkinji «apdeýt» fewral aýynyň howpsuzlyk düzedişlerini öz içine alýar. Mundan ozal bu düzedişleri Samsung-yň beýleki enjamlary — Galaxy S25, S24, S23 seriýalary, şeýle-de Galaxy A hatarynyň käbir smartfonlary alypdy. Täzelenme çykmazdan ozal Galaxy S26 modelleri ýanwar aýynyň howpsuzlyk düzedişleri bilen işleýärdi.

Fewral täzelenmesi One UI interfeýsinde we Android operasion ulgamynda ýüze çykarylan 37 sany howpsuzlyk gowşaklygyny aradan aýyrýar.

Täze programma üpjünçiliginiň belgisi S94xNKSS1AZC7 bolup, täzelenmäniň göwrümi 557 MB barabardyr.


25.06.2026 11:01
3.9k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.5k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......