Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

  • 09.03.2026 20:53
  • 15k+

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy.

Duşuşyk 8-nji martda «Kruzeýronyň» meýdançasynda geçirildi. Öý eýeleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Wakalar ikinji ýarymda, «Atletikonyň» derwezesine urlan howply urgudan soň başlandy. Myhmanlaryň derwezebany Ewerson topy yzyna gaýtaryp, eline alan pursady, «Kruzeýronyň» oýunçysy Kristian topy almaga synanyşdy.

Mundan soň futbolçylaryň arasynda çaknyşyk başlady. Ewerson garşydaşyny ýykyp, ony MMA stilinde dyzy bilen basyp saklady. Bu bolsa meýdançada köpçülikleýin dawanyň ýüze çykmagyna getirdi, oňa diňe bir iki toparyň oýunçylary däl, eýsem ätiýaçlykda oturan futbolçylar, tälimçiler we beýleki işgärler hem goşuldylar.

Tertip-düzgüni dikeltmek üçin meýdança kaskaly we galkanly polisiýa işgärleri girmeli boldy. Oýun takmynan on minutlap saklandy. Netijede, emin duşuşygy dowam etdirmezlik kararyna geldi.

Oýnuň protokolynda 23 sany gyzyl kart hasaba alyndy: «Atletiko Mineýronyň» wekillerine 11 sany, «Kruzeýronyňkylara»  bolsa 12 sany gyzyl duýduryş görkezildi.

Meýdançadan kowlanlaryň arasynda brazil futbolunyň Halk, Mateo Kassýerra we Žerson ýaly meşhur oýunçylary hem bar.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......