Alymlar: Faraon Tutanhamonyň kulonyndaky aýna gelip çykyşy boýunça Ýer ýüzünden däl

  • 10.03.2026 10:47
  • 5.1k+

Müsür faraony Tutanhamonyň guburyndan tapylan kulonda Ýer ýüzündäki deňi-taýy bolmadyk sary aýna bar. 2023-nji ýylda alymlar tarapyndan geçirilen nanogurluşly barlaglar bu materialyň gelip çykyşynyň Ýer ýüzüniň daşyndan, ýagny älemden gelendigini subut etdi.

Bu täsin aýna günbatar Müsür bilen gündogar Liwiýanyň arasynda ýerleşýän, meýdany 72 000 inedördül km bolan Beýik çäge deňzi atly çölde tapyldy. Bu sebitdäki sary aýnalaryň düzümi kremnezýom, sirkoniý oksidleri we beýleki seýrek maddalar bilen örän baýdyr. Şeýle düzümli materialyň emele gelmegi üçin adatça 2250-den 2700 gradusa çenli ýetýän aşa ýokary gyzgynlyk gerek bolýar.

Ozal alymlar bu geň materialyň döremegini ýyldyrym çakmagy, wulkan atylmagy ýa-da tebigy çökündi hadysalary bilen düşündirmäge synanyşypdylar. Emma täze barlaglar bu aýnanyň äpet bir meteoritiň Ýere gaçmagy netijesinde dörändigini anyklady. Alymlar bu urgunyň güýjüni atom bombasynyň partlaýşy bilen deňeşdirýärler.

Aşa ýokary gyzgynlygyň we basyşyň täsiri astynda Ýer ýüzüniň gatlagy eräp, meteoritiň bölejikleri gum we toprak bilen garyşypdyr, soňra bolsa gatapdyr. Şeýlelikde, özboluşly sarymtyl öwüşginli aýna emele gelipdir. Müňlerçe ýyldan soňra bolsa, gadymy müsürli ussatlar şol kosmosdan gelen materialy faraonyň kaşaň bezeg şaý-seplerini ýasamak üçin ulanypdyrlar.


düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.5k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......