Aşgazanasty mäziň düwnük keselini dermanlara boýun egdirmegiň ýoly tapyldy

  • 10.03.2026 10:33
  • 6.2k+

Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi.

Bu prosesde GATA6 geni esasy orny eýeleýär. Bu geniň derejesi ýokary bolan ýagdaýynda, çiş öýjükleri özüni has «tertipli» alyp barýarlar we bejergä has gowy jogap berýärler. Emma onuň derejesi peselse, rak has agressiwleşýär we himiýaterapiýanyň täsiri azalýar.

Barlagçylar bu prosese KRAS-ERK signal ýolunyň täsir edýändigini anykladylar. KRAS geniniň mutasiýalaryna bu ragyň tas ähli görnüşlerinde diýen ýaly duş gelinýär. Eger bu ýol aşa işjeň bolsa, ol GATA6 geniniň işlenip çykarylmagyny bökdeýär. Netijede, çiş bejergä garşy durnukly bolýar.

Alymlar bu tapyndyny genetik skrining, molekulýar seljerme we dermanlaryň rak öýjüklerine täsirini barlamak arkaly tassykladylar. KRAS-ERK ýoly petiklenende, GATA6 geniň derejesi ýokarlandy we öýjükler bejergä gaýtadan duýgur bolup başladylar.

Şeýle-de, barlaglar KRAS-ERK ýoluna täsir edýän dermanlaryň adaty himiýaterapiýa bilen bilelikde ulanylmagynyň bejerginiň täsirini güýçlendirip biljekdigini görkezdi.

Bu usul diňe çişiň düzüminde GATA6 geni saklanyp galan ýagdaýynda netijeli bolýar.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......