Samsung emeli aňly we kameraly akylly äýnekleri taýýarlaýar

  • 10.03.2026 11:56
  • 1.9k+

Samsung özünde kamera we emeli aň ulgamyny jemleýän akylly äýnekleriň üstünde işleýär. Täze enjam baradaky meýilnamalary kompaniýanyň mobil bölüminiň wise-prezidenti Jeý Kim Barselonada geçirilen «MWC 2026» sergisinde mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, äýnegiň kamerasy ulanyjynyň gözleriniň derejesinde ýerleşdiriler we smartfon bilen sazlaşykly hereket eder. Kameranyň üsti bilen alnan maglumatlar bolsa telefona geçiriler we şol ýerde işleniler.

Täze enjamyň esasy aýratynlyklarynyň biri, emeli aňyň ulanyjynyň garaýşynyň ugruny yzarlap bilmegidir. Jeý Kim äýnegiň özünde ekranyň bolup-bolmajakdygy baradaky soraga anyk jogap bermedi. Emma ol Samsung-yň ekosistemasynda eýýäm smartfonlar we akylly sagatlar ýaly ekranly enjamlaryň bardygyny, olaryň hem şeýle wezipäni ýerine ýetirip biljekdigini belledi. Şeýle-de, ol göwrümli garyşyk hakykat (MR) garnituralaryndan tapawutlylykda, hut äýnekleriň indiki nesliň EA-ly enjamlary üçin iň amatly görnüşdigini aýtdy.

Qualcomm kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kristiano Amon hem Samsung-yň bu täze önüminiň 2026-njy ýylda satuwa çykarylyp bilinjekdigini tassyklady. Onuň pikiriçe, akylly äýnekleriň ulanyjynyň gözlerine we gulaklaryna ýakyn ýerleşmegi «agent» görnüşli goşundylar üçin örän amatlydyr. Bu aýratynlyk emeli aňyň adamyň adyndan taksi çagyrmak ýa-da myhmanhanada ýer bronlamak ýaly işleri ýerine ýetirmegine mümkinçilik berer.


şu gün 11:01
2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....