Alymlar şokoladdan dermanlyk ähmiýeti ýokary bolan bal ýasadylar

  • 09.03.2026 15:18
  • 2.2k+

Braziliýaly alymlar antioksidantlara baý bolan täze bir önümi — şokoladly baly döretdiler. Bu täsin iýmitiň esasy düzümi şokolad önümçiliginiň galyndysy bolan kakao gabyklaryndan emele gelýär.

Science Daily žurnalynda çap edilen barlaga görä, alymlar Braziliýanyň ýerli iňňesiz arylarynyň balyny tebigy erediji hökmünde ulanyp, kakao gabyklaryndan teobromin, kofein we fenol birleşmeleri ýaly biologik işjeň maddalary bölüp almagy başardylar. Bu maddalar organizmde antioksidant we sowuklama garşy täsiri bilen tanalýar, şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň işini gowlamaga kömek edýär. Peýdaly maddalary bölüp almak üçin ultrases ekstraksiýasy usuly ulanyldy. Bu usulda balyň we kakao gabyklarynyň içine ýörite zond ýerleşdirilip, ses tolkunlary arkaly emele getirilen mikrogabarçyklar ösümlik materialyny böleklere bölýär we peýdaly birleşmeleriň bala geçmegini üpjün edýär.

Hiç hili himiki erediji talap etmeýändigi üçin ekologiýa taýdan arassa hasaplanýan bu önümi diňe iýmit hökmünde däl, eýsem kosmetika maksatly hem ulanyp bolýar.

Goýy şokolady ýatladýan balyň tagamy düzümindäki kakao mukdaryna görä üýtgäp bilýär. Alymlar häzirki wagtda ultrasesiň balyň mikropatogenlerine täsirini hem öwrenýärler. Bu tehnologiýa mikroorganizmleri ýok edip, balyň saklanyş möhletini uzaltmaga kömek edip biler.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......