Kaşaň Rolls-Royce Cullinan krossoweri haýbatly týuninge sezewar edildi

  • 09.03.2026 20:33
  • 5.9k+

Venuum týuning kompaniýasy Rolls-Royce Cullinan krossoweriniň üýtgeşik görnüşi bilen tanyşdyrdy. Black Cullinan Venuum Tyrannus diýlip atlandyrylan bu taslama diýseň giňeldilen kuzowy bilen tapawutlanýar.

Awtoulagyň esasy aýratynlygy onuň haýbatly widebody toplumydyr. Krossower giňeldilen tigir arkalaryny, ägirt uly ganatlary, täze gapdal etekleri we täzeden işlenen öň bamperi aldy. Şeýle hem, onda şemalladyjyly kapot, köp sanly ganatly uly arka diffuzory we has uly üçek spoýleri bar. Ýükdanyň gapagyndaky goşmaça "ördek guýrugy" awtoulagyň sport keşbini has-da güýçlendirýär.

Model ýalpyldawuk gara reňke boýalan we kamuflýažy ýatladýan bezeg elementleri bilen bezelen. Uly, köp çişli, giňeldilen teker arkalaryny dolduryp diýen ýaly duran teker diskalary oturdyldy. Daşyndan çen tutsaň, podweskasy biraz aşak düşürilip, bu bolsa awtoulaga has haýbatly görnüş berýär.

Rolls-Royce Cullinan awtoulagynyň kapotynyň aşagynda 6,75 litrlik iki turbinaly V12 hereketlendirijisi ýerleşýär. Standart wersiýada ol 571 at güýjüni, Black Badge wersiýasynda bolsa 600 at güýjüni we 900 Nm çekijiligi öndürýär.

Týuning kompaniýasy heniz hereketlendirijiniň güýjüniň üýtgedilip-üýtgedilmändigini yglan etmedi, şonuň üçin esasy üns daşky dizaýna gönükdirilýär.


20.04.2026 09:01
3.1k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...