Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

  • 19.04.2026 10:32
  • 1.8k+

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Ylalaşyga döwlete degişli Great British Energy – Nuclear kompaniýasy bilen gol çekildi.

Meýilnama laýyklykda, umumy kuwwaty azyndan 1,4 gigawat bolan üç sany energetika bloguny gurmak göz öňünde tutulýar. Hasaplamalara görä, bu kuwwat 3 million töweregi öýi 60 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýeterlikdir.

Taslamany maliýeleşdirmek meselesi eýýäm tassyklanyldy. 2025-nji ýylda hökümet bu iş üçin 2,6 milliard funt sterling möçberinde serişde goýberdi. Mundan başga-da, Milli baýlyk gaznasy taslamany işläp düzmek we ony işe girizmek üçin goşmaça 599 million funt sterling möçberinde pul serişdesini gönükdirer.

Reaktorlaryň energiýa ulgamyna 2030-njy ýyllarda birikdirilmegine garaşylýar. Belläp geçsek, «Rolls-Royce» kompaniýasy bu taslamanyň gurluşygy boýunça geçirilen tenderi öň ýeňip, gerekli hukuklary gazanypdy.


20.04.2026 09:01
2.8k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...

11.03.2026 21:12
9.2k+

Heniz gören ýok: iň gymmat Rolls-Royce-iň nyrhy 28 mln dollardan ybarat

Rolls-Royce Boat Tail britan markasynyň häzirki zaman awtoulaglarynyň arasynda iň gymmady hasaplanýar. Çaklamalara görä, şeýle ulaglaryň biriniň bahasy takmynan 28 million dollara ýetýär. Ozal Rolls-Royce ulaglary üçin iň ýokary bahalar seýrek duş gelýän antikwar nusgalaryň bäsleşikli söwdalarynda hasaba alynýardy...