Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

  • 23.03.2026 16:58
  • 5.5k+

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu karar alyjylaryň islegleri bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýa premium segmentde elektrik ulaglara bolan gyzyklanmanyň pesligini belleýär. Elektromobilleri halaýan her bir müşderä derek, olar bilen gyzyklanmaýan başga bir müşderi tapylýar.

Rolls-Royce içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulaglary öndürmegini dowam etdirmegi we özüniň meşhur V12 hereketlendirijisini kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Şol bir wagtda, elektrik "Spectre" kupesiniň geljegi heniz anyk däl. Bu model ilkibaşda gowy garşylanan hem bolsa, soňra satuwlar peseldi we 2025-nji ýylda diňe müňden gowrak awtoulag satyldy. Muňa garamazdan, "Spectre" benzinde işleýän "Ghost" modelinden az-owlak gowy satylýar.

Mundan ozal BMW konserni hem V12 hereketlendirijisini täze ekologiýa talaplaryna uýgunlaşdyryp, saklap galmak niýetini mälim edipdi. Meňzeş çemeleşmeleri "Mercedes-Benz" hem göz öňünde tutýar, ol ýerde bu hereketlendiriji häzirki wagtda diňe S-klasynyň sowutly wersiýasynda ulanylýar.


21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....