Alymlar ýyldyzly asmanyň 2000 ýyllyk gadymy kartasyny dikeldýärler

  • 10.03.2026 16:48
  • 2.8k+

Alymlar ýyldyzly asmanyň iň gadymy kartalarynyň birini täzeden dikeltmäge synanyşýarlar. Bu katalog gadymy grek astronomy Gipparh tarapyndan biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda, ýagny teleskoplar peýda bolmazdan has öň düzülipdir diýip çaklanýar.

Bu resminama uzak wagtlap ýitirilen hasaplanýardy. Emma barlagçylar katalogyň mümkin böleklerini VI asyryň golýazmasy bolan Codex Climaci Rescriptus-da tapdylar. Orta asyrlarda pergament gymmat materialdy, şonuň üçin köne tekstler köplenç gyrylyp aýrylyp, üstüne täzeleri ýazylýardy. Netijede, gadymy ýazgy soňky syýa gatlaklarynyň astynda gizlenip galypdyr.

2022-nji ýylda alymlar ýyldyzlaryň koordinatlarynyň üstki tekstiň aşagynda ýerleşip biljekdigini bildiler. Seljerme bu koordinatalar bilen Ýeriň presessiýasynyň - onuň aýlanma okunyň ýerleşýän ýeriniň haýal üýtgemeginiň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy. Bu gözegçilikleriň senelenmesi Gipparhyň ýaşan döwrüne gabat gelýär.

Golýazma häzirki wagtda SLAC National Accelerator Laboratory öwrenilýär. Alymlar güýçli rentgen şöhlelerini öndürýän bölejikleriň çaltlandyryjysy bolan sinhrotrony ulanýarlar. Bu usul syýanyň düzümini kesgitlemäge we gizlenip galan ýazgylaryň üstüni açmaga kömek edýär.

Barlagçylar eýýäm ýyldyzlaryň birnäçe düşündirişini we Kowa ýyldyzlar toplumyna salgylanmany dikeltmegi başardylar. Fransiýanyň Milli ylmy barlaglar merkeziniň taryhçysy Wiktor Žizembergiň aýtmagyna görä, tapylan koordinatalar örän takykdyr.

Golýazma takmynan 200 sahypadan ybarat, ýöne häzirlikçe olaryň diňe 11-si öwrenildi. Kartanyň doly dikeldilmegi üçin halkara hyzmatdaşlygy gerek bolar.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......