Nebitiň bahasy 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 120 dollara çenli gymmatlady

  • 09.03.2026 16:48
  • 4.5k+

Brent markaly nebitiň bahasy gymmatlap, soňky takmynan üç ýylyň içinde ilkinji gezek bir barel üçin 120 dollar derejesine golaýlady.

Dynç günlerinden soň Aziýadaky ilkinji söwdalarda bir barel Brent nebitiniň bahasy 109 dollara çenli ýokarlandy. Söwdalaryň dowamynda onuň bahasy 119,5 dollara ýetdi.

«Bloomberg» agentliginiň berýän maglumatyna görä, bu 2020-nji ýylyň aprelinden bäri bir günüň içindäki iň uly nyrh ýokarlanmasy boldy. «RBK» neşiriniň bellemegine görä, nebit 119 dollar nyrhyndan soňky gezek 2022-nji ýylyň 17-nji iýunynda satylypdy.

Muňa garamazdan, nebitiň has-da ýokary baha ýeten wagtlary bar. 2022-nji ýylyň martynda onuň bir bareli 139 dollardan satylýardy, taryhda iň ýokary görkeziji bolsa 2008-nji ýylda hasaba alnyp, ol 147 dollardan hem aşypdy.

Dünýä bazarynda nebitiň nyrhynyň ýokarlanmagy eýýäm birnäçe gün bäri yzygiderli dowam edýär, bu ýagdaý Ýakyn Gündogardaky geosyýasy dartgynlylyk bilen baglanyşdyrylýar. «Bloomberg» bilen söhbetdeş bolan seljerijileriň çaklamasyna görä, çig malyň bahasy mundan beýläk hem gymmatlamagyny dowam etdirer.


düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

24.06.2026 16:45
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......