Valve kompaniýasy kiber-sport ýaryşlarynda «CS:GO» oýnuny ulanmagy gadagan etdi

  • düýn 17:12
  • 2k+

Dust2.us neşiriniň habar bermegine görä, Valve kompaniýasy «Counter-Strike: Global Offensive» (CS:GO) boýunça kiber-sport turnirlerini geçirmäge mundan beýläk rugsatnama bermezlik barada karar kabul etdi. Mundan ozal Valve oýnuň nusgawy görnüşini «Counter-Strike 2-den» aýryp, «CS:GO» üçin ýörite aýratyn identifikator (App ID) döredipdi.

Şunlukda oýunçylar 2012-nji ýylyň asyl şuterini täze oýundan aýratynlykda gaýtadan işletmäge mümkinçilik alypdylar. Bu gaýdyp gelişden soň taslama bolan gyzyklanma ep-esli artdy we käbir pursatlarda bir wagtda oýnaýan ulanyjylaryň sany 66 müňden hem geçdi.

Emma muňa garamazdan, indi bu görnüş boýunça resmi kiber-sport ýaryşlary geçirilmez. Valve kompaniýasy «CS:GO» üçin turnir rugsatnamalarynyň berilmejekdigini tassyklasa-da, beýleki nusgawy taslamalar bolan «Counter-Strike 1.6», «Counter-Strike: Source», «Team Fortress Classic» we «Day of Defeat» boýunça ýaryşlaryň geçirilmegini gadagan edenok.


28.08.2025 07:09
4.7k+

Google Play-den 77 zyýanly programma aýryldy: olar 19 mln gezek ýüklendi

Google Play programmalar dükanyndan jemi 19 mln gezek gurnalan 77 zyýanly programma bozuldy. Howpy Zscaler ThreatLabs gözleg toparynyň hünärmenleri ýüze çykardy diýip, BleepingComputer neşiri ýazýar. Gözlegiň maglumatlaryna görä, ýüze çykarylan programmalaryň 66%-den gowragy mahabat görkezýän programmalardy...

29.03.2025 05:42
1k+

Microsoft öz kiberhowpsuzlygyny emeli aňa ynanar

Amerikanyň Microsoft kompaniýasy kiber howplardan goranmak maksady bilen  Security Copilot hyzmaty üçin emeli aň esasly 11 sany täze agentiň işe girizilendigini habar berdi. Täze AI gurallary wezipeleri awtomatlaşdyrmaga...

16.12.2024 14:40
4.9k+

"Team Spirit" topary Counter-Strike 2 ýaryşynda dünýä çempiony boldy we 500 müň dollar gazandy

Russiýanyň Team Spirit kibersport topary Counter-Strike 2-niň esasy ýaryşy bolan Perfect World Shanghai Major 2024-iň çempiony boldy diýip, Sports.ru habar berýär. Final 15-nji dekabrda Şanhaýda geçirildi, topar...

15.10.2024 13:55
2.8k+

2026-njy ýylda “Geljegiň oýunlaryny” Gazagystan kabul eder

Üçünji “Geljegiň oýunlary” 2026-njy ýylda Gazagystanda geçiriler. Bu barada guramaçylar ýaryşyň resmi saýtynda habar berdi. Kazanda (Tatarstan RF) geçirilen birinji oýunlarda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin...