Microsoft öz kiberhowpsuzlygyny emeli aňa ynanar

  • 29.03.2025 05:42
  • 1k+

Amerikanyň Microsoft kompaniýasy kiber howplardan goranmak maksady bilen  Security Copilot hyzmaty üçin emeli aň esasly 11 sany täze agentiň işe girizilendigini habar berdi.

Täze AI gurallary wezipeleri awtomatlaşdyrmaga kömek eder: fişing hüjümlerini ýüze çykarmak, maglumatlaryň syzmagynyň öňüni almak we gowşak goralan taraplara gözegçilik etmek. Alty agent Microsoft tarapyndan, bäşisi hyzmatdaşlary OneTrust, Aviatrix, BlueVoyant, Tanium we Fletch tarapyndan döredildi.
Bu AI gurallary kiberhowpsuzlygyň hünärmenleriniň ýüküni ýeňleder. Olar uly göwrümli maglumatlary özbaşdak seljerip we Microsoft Security-niň önümleri bilen işläp bilerler.
Agentleriň deslapky wersiýasy aprel aýynda çykar.


17.06.2026 11:11
1.2k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......