Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

  • 02.12.2025 10:55
  • 14k+

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutany Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň edara binasyna, onuň sanly bölümine baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu bölümde toplumyň çäginde we önümçilik binalarynda alnyp barylýan işlere, idedilýän mallara sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek üçin ähli şertler döredildi.
Maldarçylyk toplumynda saklanýan iri şahly mallar baradaky maglumatlar ýörite boýunbaglardaky çiplerde ýerleşdirilip, mallara berkidilýär. Çiplerde her malyň tohum ugry, saglyk ýagdaýy, gündelik sagylýan süýdüň mukdary, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler we beýleki birnäçe maglumatlar jemlenendir. Bölümdäki ýörite ekranda mallaryň saklanýan ýerlerini görmek, her bir mal baradaky maglumat bilen tanyşmak bolýar. Beýleki ekranda bolsa maldarçylyk toplumynyň esasy girelgesinden giriş-çykyşa gözegçilik edilip, hasaba alynýar. Ýene-de bir ekranda bolsa topluma degişli oba hojalyk tehnikalary bilen ýerine ýetirilýän önümçilik işlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik bar.
Täze maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap usulda alyp barmak, mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.
Wise-premýer T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulmagy teklip edilýän, ýylda 15 million ýumurtga we 1000 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk hem-de 1000 baş iri şahly maly saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumlarynyň taýýarlanan şekil taslamalary barada-da hasabat berdi.
Täze toplumyň 
barlaghana bölüminde ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Bolgariýanyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Olar taýýarlanylýan iýmleriň, goşundylaryň, däneli iýmleriň hilini we ýokumlylygyny tiz wagtda barlamaga, iýmleriň çyglylygyny anyklamaga, suwuklyklaryň turşulygyny kesgitlemäge, takyk ölçegleri geçirmäge, süýdüň ýaglylygyny, belogyny, dykyzlygyny, laktoza düzümini anyklamaga niýetlenendir. 
Şeýle hem döwlet Baştutany toplumyň iri şahly mallary saklamak üçin niýetlenen birinji bölümine, sagym bölümine baryp gördi. Bu bölümde bir wagtyň özünde 40 baş sygyrdan önüm almaga mümkinçilik bar. Ýokary ygtybarlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan sagym enjamlarynyň kömegi bilen her sygyrdan alynýan süýdüň möçberiniň hasabaty ýöredilýär. Sygryň saglyk ýagdaýynda haýsydyr bir üýtgeşmeler ýüze çykan halatynda, sagym enjamy awtomatik usulda öçýär.
Soňra döwlet Baştutany toplumyň ýaş göleleri hem-de ene mallary saklamak üçin niýetlenen bölümlerine baryp gördi. Ot-iým saklanýan ammara baryp, iýmleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
Toplumyň umumy meýdany 375 gektara barabar bolup, şonuň 9 gektardan gowrak çäginde degişli desgalar ýerleşýär, 365 gektardan gowrak çäginde bolsa mallar üçin ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Toplumyň mallaryny ot-iým bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda 164 gektar meýdana däneli ekinler, 47 gektar meýdana bolsa ýorunja ekildi. 74 gektar ýere ekilen mekgejöwen orlup, silos ammaryna ýerleşdirildi we onuň ýerine däneli ekinler ekildi.
Döwlet Baştutany maldarçylyk toplumynyň ýolbaşçysyna täze satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň we awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şolaryň hatarynda ABŞ-nyň “John Deere” kompaniýasynyň kuwwatly traktorlary, däne ýygyjy we ot orujy kombaýnlary, dürli görnüşli oba hojalyk gurallary, Hytaý Halk Respublikasynda, Ýaponiýada öndürilen ýöriteleşdirilen awtoulaglar, tehnikalar hem-de ýeňil awtoulaglar bar. 
Soňra döwlet Baştutany toplumyň weterinariýa bölümine baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde weterinar lukman bölümiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu bölüm mallary wagtlaýyn aýratynlykda saklamaga we bejermäge niýetlenendir. Onda bir wagtda 12 baş mala weterinariýa kömegini bermäge şert döredilipdir. Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy enjamlary ýokary arassa distillirlenen suwy öndürmäge, emeli tohumlandyrma işlerini ýokary hilli geçirmäge, iri şahly mallaryň toýnaklaryna ideg işlerini alyp barmaga mümkinçilik berýär.


düýn 11:32
2.2k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....