Microsoft «betnyşan» switerleriň kolleksiýasyny çykardy

  • 04.12.2025 15:46
  • 4.5k+

Microsoft bir ýyldan soň ýene Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda muşdaklary «betnyşan» switerleriň kolleksiýasy bilen begendirmek isledi.

Kolleksiýa «Artifact» switeri, Zune pleýeriniň stilinde goňur switer we Xbox konsollarynyň stilinde ýaşyl switer girdi. 2022-nji ýylda bolşy ýaly, «Artifact» switeriniň esasy gahrymany kömekçi Clippy (skrepka) boldy we bu gezek onuň töwereginde MSN logotipi, «Sapýor» oýny, Internet Explorer brauzeri we MS-DOS ýaly nyşanlar ýerleşdirildi. Zune mediapleýerine bagyşlanan goňur switere aýtdyrmak we duruzmak düwmeleri goşuldy.
«Artifact» we «Zune» switerleri 79,95 dollar bahadan satylýar. Xbox stilindäki ýaşyl switeri bolsa deslapky sargyt boýunça 59,95 dollara satyn alyp bolýar.
«Betnyşan switerleri» çykarmak däbi 2018-nji ýylda başlady. Windows 95-e bagyşlanan birinji switer eksklýuziw bolup, diňe saýlanan muşdaklara we hyzmatdaşlara iberilipdi. Bir ýyldan soň Windows XP-niň stilinde switer peýda boldy, ýöne ol hem satuwa çykarylmady.
Microsoft «betnyşan switerleri» satmaga 2020-nji ýylda başlady. Şol ýyl kompaniýa Paint programmasynyň temasynda switer çykardy. Soňky ýyllar “Sapýor” oýnuna (2021), kömekçi Clippy-ä (2022) we Windows XP-den Bliss oboýlaryna (2023) bagyşlanan wersiýalar çykaryldy. 


23.02.2026 13:14
1.2k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...