2026-njy ýylda “Geljegiň oýunlaryny” Gazagystan kabul eder

  • 15.10.2024 13:55
  • 2.9k+

Üçünji “Geljegiň oýunlary” 2026-njy ýylda Gazagystanda geçiriler. Bu barada guramaçylar ýaryşyň resmi saýtynda habar berdi.

Kazanda (Tatarstan RF) geçirilen birinji oýunlarda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gazagystanly kärdeşi Kasym-Žomart Tokaýewiň “Geljegiň oýunlaryny” 2025-nji ýylda Gazagystanda geçirmek teklibini goldady, ýöne soňra ýurtdaky uly suw joşgunynyň ykdysady netijeleri sebäpli ýaryşlary bir ýyl yza süýşürmek kararyna gelindi. Tokaýew býujeti tygşytlamak üçin Oýunlary 2026-njy ýyla geçirmegi teklip etdi.
“Geljegiň oýunlary” fijital (physical + digital) konsepsiýasynda sportuň adaty görnüşlerini kibersport we VR/AR tehnologiýalary bilen birleşdirýär. Ýaryşlara ýaşyna, jynsyna we milletine garamazdan her bir türgen gatnaşyp bilýär.
Guramaçylar Gazagystanyň uly sport ýaryşlaryny geçirmekde bar bolan tejribesiniň 2026-njy ýylyň Oýunlaryny gatnaşyjylar we tomaşaçylar üçin täsirli hem ýatda galyjy waka öwürjekdigini belleýär.
Geljek ýyl Oýunlar BAE-de geçiriler.


19.06.2026 11:22
4.6k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....