Auksionda 23 ýyl öň çykan Ford Mustang-y täzesinden 5 esse gymmada satdylar

  • 09.03.2026 16:19
  • 5.3k+

"Bring a Trailer" onlaýn auksionynda 2003-nji ýylyň Ford Mustang SVT Cobra kupesi 175 müň dollara satyldy. Bu mukdar täze Mustang-yň ABŞ-daky başlangyç bahasyndan (32,6 müň dollar) bäş esse töweregi gymmatdyr. Beýle ýokary bahanyň esasy sebäbi bolsa ulagyň saklanyş ýagdaýydyr. Aslyýetinde, 23 ýyllyk taryhy bolan bu ulag täze maşyn diýen ýalydyr, çünki onuň geçen ýoly bary-ýogy 20 kilometr.

Aslynda, 2003-nji ýylyň Mustang SVT Cobra nusgasy örän seýrek model hasaplanmaýar. Diňe şol ýylyň özünde bu seriýadan 13 müňe golaý ulag öndürilipdi. Emma bu wersiýa özüniň has "agras" daşky görnüşi we ýörite sazlanan asma ulgamy bilen beýleki modellerden tapawutlanýar. Auksionda satylan bu nusga 390 at güýjüne eýe bolan 4,6 litrlik V8 hereketlendiriji we alty basgançakly mehaniki geçiriji guty bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ulagyň hiç hili ulanylmandygyny onuň bamperlerinde we aýnalarynda heniz hem duran zawod gorag plýonkalary, şeýle-de oturgyçlaryndaky we rulundaky plastik örtükler subut edýär. Onuň enjamlaşdyrylyşy hem öz wagtyna görä diýseň baý: 17 dýuýmlyk diskler, elektrik sazlamaly sürüji oturgyjy, kondisioner, açarsyz girmek ulgamy we alty diskli CD-çenjeri bolan Mach audio ulgamy bar.

Belläp geçsek, şu ýylyň fewral aýynyň başynda ýene-de iki sany "täze" Mustangyň — 11 kilometr ýörän 2007-nji ýylyň kupesiniň we 40 kilometr ýörän 2008-nji ýylyň GT500KR modeliniň satuwa çykarylandygy mälim edilipdi, emma olaryň nähili baha satylandygy gizlinligine galdy.


05.06.2026 15:49
3.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
2.8k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....