Netflix Ben Afflegiň startapyny satyn alýar

  • 10.03.2026 16:13
  • 2.4k+

Netflix kompaniýasy kino senagaty üçin emeli aň esasyndaky gurallary işläp taýýarlaýan "InterPositive" tehnologik startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu geleşik kompaniýanyň film we serial önümçiliginde neýroulgam tehnologiýalaryny has işjeň ulanmaga bolan ymtylyşyny aýdyň görkezýär.

"InterPositive" başlangyjy belli aktýor we režissýor Ben Afflek tarapyndan esaslandyrylypdy. Startap filmleri surata düşürmegiň dürli tapgyrlaryny — sahnalary deslapky meýilleşdirmekden başlap, çylşyrymly post-prodakşn (surata düşürilenden soňky işler) işlerine çenli optimal ýagdaýa getirmäge kömek edýän çözgütleri döretmek bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň işläp taýýarlamalary film döretmekdäki tehniki amallary çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Esasy ugurlaryň hatarynda wizual effektleri kämilleşdirmek üçin maşyn öwrenişini ulanmak, çylşyrymly sahnalary sanly meýilleşdirme gurallary we düşürilen materiallary intellektual seljerme ulgamlary bar.

Netflix-iň ýolbaşçylary täze tehnologiýalaryň döredijilik işgärleriniň ornuny tutman, eýsem, olara kömekçi bolmalydygyny nygtaýarlar. Kompaniýanyň kontent boýunça direktory Bela Bajariýanyň aýtmagyna görä, emeli aň kinodaky adaty kärler üçin howp bolmaly däldir.

Soňky ýyllarda kino äleminde emeli aňyň döredijilik hünärlerine täsiri ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu çekişmeler 2023–2024-nji ýyllarda Golliwuddaky giň gerimli iş taşlaýyşlaryň hem esasy sebäpleriniň biri bolupdy. "InterPositive" startapynyň satyn alynmagy iri media kompaniýalarynyň emeli aň tehnologiýalaryna maýa goýumlaryny artdyrýan wagtyna gabat geldi. Disney we Paramount ýaly beýleki ägirtler hem generatiw emeli aňyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin öz ylmy-barlag bölümlerini ösdürýärler. Bilermenleriň çaklamasyna görä, täze gurallaryň ilkinji netijeleri eýýäm geljekki möwsümde Netflix-iň taslamalarynda peýda bolup biler.


düýn 17:28
2.5k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....

14.04.2026 14:51
956

Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi....