Türkmen tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyň eýesi boldy

  • 10.03.2026 15:29
  • 5k+

Türkmenistanyň «Hanmudo» söweş sungaty federasiýasynyň başlygy, ýurduň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow hapkido boýunça IV dan gara guşagyny aldy. THP-niň habar bermegine görä, degişli şahadatnama halkara synag üstünlikli tabşyrylandan soň gowşuryldy.

Attestasiýa Global hapkido federasiýasynyň prezidenti Han Jundu (X dan) tarapyndan geçirildi. Iki sagat töweregi dowam eden synagyň dowamynda güýç talaplary berjaý edildi, şeýle hem goranmagyň we hüjüm etmegiň 400-e golaý tehniki tilsimleri görkezildi.

Täze dereje Buharakowa halkara mekdeplerini açmaga hem-de III dana çenli bolan gara guşaklar üçin synag kabul etmäge hukuk berýär.

Onuň ýolbaşçylyk edýän federasiýasy söweş sungatynyň birnäçe görnüşini: hapkido, pençak-silat, kabaddi, uniwersal söweş we MMA ýaly ugurlary ösdürmek bilen meşgullanýar. Geçen ýyl bu gurama Türkmenbaşy şäherinde hapkidonyň «laýt» görnüşi boýunça ýurtda ilkinji çempionaty geçirdi. Ýaryşa ähli welaýatlardan we paýtagtdan türgenler gatnaşdy.

Federasiýanyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl türkmen türgenleri uniwersal söweş boýunça Aziýa we dünýä çempionatlarynda 50-den gowrak medala mynasyp boldy, olaryň 17-si altyn medaldyr. Buharakowyň özi bolsa dünýä çempionatynda klassyky programmada birinji orny eýeledi we 90 kg çenli agram derejesinde «laýt» görnüşi boýunça kümüş medal gazandy.

23–24-nji martda Aşgabatda MMA, uniwersal söweş we el söweşi boýunça şäher birinjilikleri geçiriler. Şunuň ýaly ýaryşlar Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda hem meýilleşdirilýär. Aýyň ahyrynda bolsa Türkmenistanyň ýygyndy topary Özbegistanda geçiriljek halkara ýaryşynda çykyş eder.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......