«Günäliler» we «Bir söweşden soň beýleki» filmleri Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň esasy baýraklaryny aldy

  • 10.03.2026 16:02
  • 3.7k+

Amerikada her ýyl gowşurylýan Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň (WGA) nobatdaky baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Iň gowy özboluşly ssenariýa ugrundaky baýraga «Günäliler» (Грешники) filminiň ssenaristi we režissýory Raýan Kugler mynasyp boldy.

Pol Tomas Anderson bolsa «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi üçin iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariýa ugry boýunça ýokary baha aldy. Telewideniýe nominasiýalarynda bolsa «Pitt», «Kinostudiýa» we «Gizlinlikde» (Под прикрытием) atly komediýa taslamalary ýeňiji diýlip yglan edildi.

Häzirki wagtda bu iki film «Oskar» baýragynyň hem esasy dalaşgärleri hasaplanýar. «Günäliler» filmi jemi 16 ugur boýunça, «Bir söweşden soň beýleki» filmi bolsa 13 ugur boýunça dalaşgär görkezildi. «Oskar» baýragyny gowşuryş dabarasy 15-nji martda ABŞ-nyň gündogar wagty bilen sagat 19:00-da, ýagny Aşgabat wagty bilen 16-njy martda sagat 04:00-da meýilleşdirilýär. Dabara ABC telekanaly arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

Baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşurjaklaryň arasynda Hawýer Bardem, Kris Ewans, Çeýz Infiniti, Maýki Medison, Demi Mur, Kumaýl Nandžiani, Maýa Rudolf, Edriýen Brodi, Kiran Kalkin, Robert Dauni-kiçi we Enn Heteueý ýaly dünýä belli ýyldyzlar bar.


düýn 23:54
928

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....