Awstraliýada iň kiçijik opossumyň gizlin populýasiýasynyň yzlary tapyldy

  • 09.03.2026 15:46
  • 2.3k+

Australian Zoologist ylmy žurnalynda çap edilen täze gözleg, Günorta Awstraliýanyň Ýork ýarym adasyndaky «Dhilba Guuranda-Innes» milli seýilgähinde kiçi girdenek opossumyň (Cercartetus lepidus) bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Ozal bu görnüşiň Awstraliýa materiginiň bu böleginde ýaşamaýandygy çaklanylýardy.

Adelaida uniwersitetiniň we Günorta Awstraliýa muzeýiniň alymlary 2004-nji we 2011-nji ýyllar aralygynda geçirilen meýdan barlaglarynyň fotosuratlaryny gaýtadan öwrendiler. Günbatar girdenek opossumlaryna degişli diýlip hasaplanan müňlerçe suratyň arasyndan alymlar 2006-njy ýylyň dekabrynda düşürilen iki sany täsin suraty tapdylar. Ilki başda bu suratlardaky haýwanlar adaty günbatar görnüşiniň çagalary diýlip hasaplanypdy. Emma gaýtadan geçirilen seljerme olaryň garnyndaky çal tüýleri we kelle gurluşy boýunça hut kiçi girdenek opossumyna degişlidigini subut etdi.

Kiçi girdenek opossumy dünýäniň iň kiçijik torbaly süýdemdirijisi hasaplanylýar. Olaryň iň ulusynyň agramy bary-ýogy 7 gramdan 10 grama çenli bolýar. Nektar, gül tozany we mör-möjekler bilen iýmitlenýän bu jandar ösümlikleri tozanlandyrmakda hem möhüm orna eýedir. Ozal bu görnüş diňe Tasmaniýada, Wiktoriýa ştatynyň günbatarynda we Ýork ýarym adasyndan 200 kilometr uzaklykdaky Kenguru adasynda ýaşaýandyr öýdülýärdi.

Gözlegiň awtorlary bu sebitde täze meýdan barlaglarynyň geçirilmeginiň zerurdygyny belleýärler. Şeýle-de, ekologlar sebitdäki ösümlikleri gözegçilik astynda ýakmak işlerini wagtlaýyn duruzmagy maslahat berýärler. Sebäbi bu seýrek duşýan kiçijik jandarlar ýangyna we ýaşaýyş gurşawynyň bozulmagyna örän duýgurdyrlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....