UFC-niň taryhyndaky ilkinji zenan tutluşygy Şöhrat zalyna giriziler

  • 10.03.2026 12:05
  • 4.9k+

Hytaýly Weýli Çžanyň we polşaly Joanna Ýedžeýçigiň arasyndaky tutluşyk UFC-niň Şöhrat zalyna giriziler. Munuň bilen bagly dabara, Las-Wegasda geçirilen UFC 326 ýaryşynyň dowamynda yglan edilişine görä, şu ýylyň tomsunda geçiriler.

Bu duşuşyk guramanyň taryhynda şeýle ýokary ykrarnama eýe bolan ilkinji zenan tutluşygy bolar. Türgen zenanlaryň arasyndaky iň ýeňil agram derejesinde geçirilen bu darkaş UFC 248 ýaryşynda bolup geçipdi we promouşeniň taryhynda iň köp çekişme döreden söweşleriň birine öwrülipdi.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýt hem bu hakda pikirlerini paýlaşdy we: «Joanna Ýedžeýçig bilen Weýli Çžanyň arasyndaky UFC 248-däki duşuşyk meniň şu wagta çenli gören iň gowy tutluşyklarymyň biridir. Bu juda geň galdyryjy söweş boldy. Oktagondakylaryň ählisi-de iň ýeňil agramdaky çempionlyk üçin ähli zada taýyn, örän erjel we dogumly söweşijilerdi. Olaryň hiç haýsysy-da yza çekilmedi. Men bäsdeşligiň çekeleşikli geçjekdigini bilýärdim we garaşyşym ýaly hem boldy. Joannany we Weýlini hemişelik ýatda galjak tutluşyk bilen gutlaýaryn!» diýip, aýratyn belledi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......