BMW i3 sedanynyň tanyşdyryljak güni belli boldy

  • 10.03.2026 15:17
  • 2.1k+

BMW kompaniýasy özüniň i3 atly täze elektrik sedanynyň resmi tanyşdyrylyş senesini yglan etdi. Täze model 18-nji martda köpçülige hödürlener. Şeýle hem öndüriji tarapyndan ulagyň öň tarapynyň deslapky şekili paýlaşyldy.

Bu täze sedan BMW-niň Neue Klasse diýlip atlandyrylýan elektrik ulaglar hatarynyň ikinji modeli bolar. Dizaýn taýdan i3-üň yşyklandyryş ulgamy iX3 krossowerine meňzese-de, onuň meşhur radiator gözenegi dik däl-de, giň gorizontal görnüşde ýerine ýetiriler. Çaklamalara görä, i3 modeli iX3 krossoweri bilen birmeňzeş binýatda gurlar we olaryň güýç gurnamalary hem-de salonyň içki gurluşy meňzeş bolup biler. Awtoulagyň seriýaly önümçiliginiň 2026-njy ýylyň ortalarynda başlanmagyna garaşylýar.

Belläp geçmeli möhüm ýagdaý, täze elektrik sedanyň çykmagy BMW-niň adaty 3-nji seriýaly modellerinden ýüz öwürýändigini aňlatmaýar. Kompaniýa şu ýylyň dowamynda döwrebaplaşdyrylan CLAR platformasynda guruljak "üçlügiň" täze neslini tanyşdyrmagy hem göz öňünde tutýar. Bu model benzin we dizel hereketlendirijileri, şeýle-de torda zarýad alýan gibrid görnüşleri bilen satuwa çykarylar.
 


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....