Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

  • 17.05.2026 15:25
  • 7.6k+

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy.

Täze ulag uly göwrümli kaşaň kupe formatynda döredildi. Kompaniýa bu konseptiň «dinamikanyň we rahatlygyň sazlaşmagynda üýtgeşik mümkinçilikleri, nepisligi hem-de ýokary ussatlygy» utgaşdyrýandygyny mälim etdi. Modeliň köpçülikleýin öndüriljek görnüşiniň geljek ýylda tanyşdyrylmagyna we onuň BMW 7 Series modelinden ylham alyp döredilmegine garaşylýar.

Awtoulagyň uzynlygy 5,2 metre barabar bolup, ol häzirki bar bolan 5 Series we 7 Series modelleriniň aralygynda durýar. Ulagyň kapotynyň aşagynda V8 hereketlendirijisi gurnalan hem bolsa, onuň häsiýetnamalary häzirki wagtda mälim edilmeýär. Öndüriji bu ulagyň Alpina brendine mahsus bolan özboluşly sesini saklap galjakdygyny habar berdi.

Konsept inçe yşyklandyryş ulgamyna, BMW-niň yşyklandyrylan uly radiator gözenegine we öňe çykyp duran özüne çekiji «akula burnuna» eýe boldy. Awtoulag 20 keýeli tigirler bilen üpjün edildi: öň tarapda 22 dýuýmlyk diskler, yz tarapda bolsa 23 dýuýmlyk diskler gurnalan. Ulagyň yzky böleginde gaz çykaryş ulgamynyň dört sany süýrümtik şekilli turbajygy we inçe faralary ýerleşdirildi.

Ulagyň salonynda BMW-niň Panoramic iDrive ulgamly täze dizaýny, ýolagçy üçin aýratyn ekran we az sanly fiziki düwmeler ulanyldy. BMW Group Design-yň ýolbaşçysy Adrian wan Hoýdonk kompaniýanyň Alpina brendini elmydama tapawutlandyrýan tizlik we rahatlyk deňagramlylygyny saklap galmaga çalyşýandygyny mälim etdi.


düýn 00:00
2.4k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......