Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

  • 10.03.2026 12:23
  • 16k+

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar. Uruş ýarym agyr agram derejesinde bolar.

Liganyň reýtinginde Ýagşymyradow häzirki wagtda ikinji orny eýeleýär, Pedro bolsa sekizinji setirde dur. Awstraliýaly türgen üçin bu tutluşyk PFL-däki ilkinji söweşi bolar. Ozal ol UFC-de çykyş edýärdi.

Türkmen pälwany özüniň soňky söweşini 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda PFL Champions Series 3 ýaryşynyň çäklerinde geçiripdi. Şonda ol titul söweşinde amerikaly Kori Andersondan eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňlipdi. Häzirki wagtda türkmen söweşijisiniň hasabynda 25 ýeňiş, sekiz ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.

Pedro soňky gezek 2024-nji ýylyň martynda UFC Fight Night 238 ýaryşynda gözenege çykypdy. Şol duşuşykda ol Witor Petrinodan eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňildi. Onuň hasabynda on ýeňiş we bäş ýeňliş bar.

Ýagşymyradow mundan ozal ACB we ACA guramalarynyň çempiony boldy, 2024-nji ýylda bolsa ýarym agyr agramda PFL-iň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 10:58
6.3k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....