Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

  • 09.03.2026 19:31
  • 1.2k+

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär.

Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar.

Music Business Worldwide neşiriniň ýazmagyna görä, bu bellik häzirki wagtda leýbliň islegi boýunça elde goýulýar, ýöne geljekde bu hökmany düzgüne öwrüler. Apple bu täzeligi “bütin pudak üçin adalatly düzgünleri işläp düzmekde zerur bolan açyklyga tarap ilkinji ädim” diýip atlandyrýar.

Bu karar emeli aň tarapyndan döredilen kontentiň çalt ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Geçen ýyl geçirilen barlag diňleýjileriň 97% -iniň adamlar tarapyndan döredilen saz bilen emeli aň tarapyndan döredilen eserleri tapawutlandyryp bilmeýändigi görkezdi.

Ozal bilermenler aýdym-saz bilen meşgullanýanlaryň emeli aňyň ýaýramagy sebäpli indiki dört ýylyň dowamynda girdejileriniň dörtden bir bölegine çenli ýitirmek howpunyň bardygyny duýdurypdylar.

Şol bir wagtyň özünde,  emeli aň arkaly döredilen şeýle kontente garşy göreşi geçen ýyl Spotify hem yglan edipdi we 75 million “spam treki” platformadan aýyrdy. Şol wagtlar EA tarapyndan döredilen aýdymlaryň aradan çykan sazandalaryň sosial media hasaplaryna birugsat ýüklenendigi habar berildi.


şu gün 10:21
2.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 23:12
4.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......