UFC 326 turnirinde Oliweýra Holloueýden üstün çykyp, 2,2 million dollardan gowrak girdeji gazandy

  • 10.03.2026 07:58
  • 6.9k+

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Çarlz Oliweýra UFC 326 turniriniň iň köp hak tölenýän gatnaşyjysy boldy. Sporty Salaries portalynyň maglumatlaryna görä, braziliýaly söwüşiji agşamyň esasy tutluşygy üçin 2,282 million dollar aldy. Onuň bäsdeşi Maks Holloueý bolsa 1,54 million dollar gazandy.

Esasy tutluşyklaryň ýene birinde Kaýo Borralýo 561 müň dollar, Renýe de Ridder bolsa 460 müň dollar aldy. Ýaryşa gatnaşan beýleki türgenleriň gazananlary:

  • Maýkl Jonson — 370 000 dollar;
  • Rob Font — 315 000 dollar;
  • Gregori Rodriges — 310 000 dollar*;
  • Drýu Dober — 415 000 dollar*;
  • Raul Rosas-kiçisi — 176 000 dollar;
  • Kodi Garbrandt — 215 000 dollar;
  • Kodi Dýurden — 211 000 dollar;
  • Sumudaerji — 210 000 dollar;
  • Kodi Brandeýj — 161 000 dollar;
  • Rodolfo Bellato — 160 000 dollar*;
  • Alberto Montes — 128 000 dollar*;
  • Brunno Ferreýra — 91 000 dollar;
  • Hesus Agilar — 80 000 dollar;
  • Diýar Nurgožaý — 56 000 dollar;
  • Donte Jonson — 44 000 dollar;
  • Riki Tursios — 43 000 dollar;
  • Nýamžargal Tumendemberel — 36 000 dollar;
  • Long Sýao — 32 000 dollar;
  • Rafael Tobias — 16 000 dollar;
  • Lýuk Fernandes — 16 000 dollar.

*Gregori Rodrigesiň, Drýu Doberiň, Alberto Montesiň we Rodolfo Bellatonyň haklaryna agşamyň iň gowy çykyşy üçin berlen 100 müň dollarlyk bonuslar hem degişlidir.

Bellemeli zat, «Sporty Salaries» portalynyň berýän bu maglumatlary resmi däl-de, açyk çeşmelere, bilnen maglumatlara we ekspertleriň çaklamalaryna esaslanýar.


26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......