6k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

7-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar...

16k+

Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan çykýandygyny mälim etdi

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan we edaradan çykmagy baradaky permana gol çekdi. Administrasiýanyň bellemegine görä, olar «indi ýurduň bähbitlerine laýyk gelmeýär». Bu barada Ak tamyň saýtynda habar berilýär...

15k+

Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Gutlag hatynyň tekstini TDH döwlet habarlar agentligi çap etdi. «Roždestwo we Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun...

8.9k+

Türkmenistanyň Mejlisi möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine saýlawlaryň senesini belledi

2026-njy ýy­lyň 29-njy mar­ty­nda, ýek­şen­be gü­nü­nde we­la­ýat­lar­da tä­ze dö­re­di­len et­rap­lar­da halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň we we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň hem-de Ge­ňeş­le­riň çy­kyp gi­den ag­za­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­la­r geçiriler...

19k+

NYP: Baýden ABŞ-nyň öňki Prezidentleriniň arasynda iň ýokary pensiýa hakyny alýar

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jo Baýden ýurduň öňki Prezidentleriniň taryhynda iň ýokary döwlet pensiýa hakyny – ýylda 417 müň dollar alýar. Bu barada The New York Post (NYP) tabloidi habar berýär. Bellenilişi ýaly, bu mukdar onuň Prezident wezipesindäki zähmet hakyndan 17 müň dollar köp we ABŞ-nyň öňki Prezidenti Barak Obama üçin kesgitlenen pensiýadan tas iki esse köpdür...

3.8k+

Serdar Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri 70 ýaş toýy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar...

3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi...

3.7k+

Barclays: Maýadarlar ABŞ-daky maýa goýumlaryny azaltdylar, bu ýagdaý Beýik Britaniýa üçin bähbitli boldy

2025-nji ýylda dünýä maýadarlarynyň ABŞ-nyň aktiwlerindäki paýyny azaltmagy bilen, Beýik Britaniýa garaşylmadyk ýagdaýda gazna bazarynyň öňdebaryjysyna öwrüldi. "Barclays" bankynyň Ýewropanyň paýnamalar strategiýasy boýunça ýyllyk synyna görä, bazarda kapitalyň halkara meýdançalaryna tarap rotasiýasy (ugruny üýtgetmegi) boldy...

15k+

Peruda çakmaýan arylara kanuny hukuklar berildi

Peru Amazoniýasyndaky çakmaýan arylar dünýäde resmi taýdan kanuny hukuklara eýe bolan ilkinji mör-möjekler boldy. Bu barada "The Guardian" gazeti habar berýär. Perunyň Satipo we Nauta şäher häkimlikleri bu babatda ýörite kararlary kabul etdiler...

9.8k+

Bolgariýa resmi taýdan ýewro geçdi

1-nji ýanwardan başlap, Bolgariýa resmi taýdan ýewro pul birligine geçdi. Bir aýyň dowamynda ýurtda iki walýutanyň — ýewronyň we bolgar lewiniň parallel dolanyşygy hereket eder. Şondan soň milli walýuta dolanyşykdan doly çykarylar...

5.8k+

Türkmenistanda resmi taýdan GDA-da başlyklyk edip başlady

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň edaralarynda başlyklyk Täjigistandan Türkmenistana geçdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aşgabat Guramanyň mümkinçilikleriniň iň ýokary derejede amala aşyrylmagyna ýardam bermegi meýilleşdirýär...

11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy körpeler üçin çäre gurady

30-njy dekabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze, 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda dabaraly çäre geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen çärä “Jahan” döredijilik merkeziniň körpeleri gatnaşdylar...

10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada geçiriljek halkara forumlara taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

24-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň dowamynda 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen bagly meseleler bilen gyzyklandy we halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy...