Astanada Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi

  • 01.04.2026 18:43
  • 4.5k+

Astanada Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Çäre Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary Kanat Bozumbaýewiň başlyklyk etmeginde geçdi diýip, Gazagystanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlisiň işine sebitiň ýurtlarynyň wekilleri: Täjigistanyň premýer-ministriniň orunbasary Sulaýmon Ziýezoda, Özbegistanyň Prezidentiniň geňeşçisi Şuhrat Ganiýew, Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitow, şeýle hem gaznanyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ashat Orazbaý gatnaşdy. Türkmenistana hökümetde oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Taňryguly Atahallyýew wekilçilik etdi.

Gyrgyzystanyň wekiliýeti mejlise synçy hökmünde gatnaşdy.

Mejlis Gazagystanyň gaznada başlyklyk edýän döwrüniň jemleýji tapgyrynda geçirildi we AHHG-y esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk ädimi boldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça bäş sany çözgüde gol çekildi. Olar 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astanada geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görmek, ýerine ýetiriji komitetiň işiniň netijeleri we gaznanyň gurluşyny kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlar bilen utgaşykly hereket etmek boýunça resminamalar we indiki mejlisiň gün tertibi tassyklanyldy.

Mundan başga-da, Syrderýa basseýninde suw serişdelerini hasaba almagyň we paýlamagyň ulgamyny döretmek meselelerine hem-de 2026–2036-njy ýyllarda «Suwdan rejeli peýdalanmak boýunça amaly hereketleriň onýyllygyny» geçirmek baradaky başlangyçlara seredildi.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......