Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

  • 29.03.2026 01:07
  • 5.4k+

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp gördi we şol ýerde guramanyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Mejlisde Gazna tarapyndan alnap barlan işleriň netijeleri we ýakyn geljek üçin wezipeler gözden geçirildi. Hususan-da, Gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görlen taýýarlyk maslahatlaşyldy. Bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle hem, guramanyň ýolbaşçylarynyň bitirilen işler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilelikdäki taslamalara gatnaşmak baradaky hasabatlary diňlenildi. Birnäçe halkara guramalar we hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek, halkara gatnaşyklary ösdürmek we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, mejlisde Arkadag şäherini ösdürmek meselelerine, şol sanda gurluşygyň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň we lukmançylyk klasteriniň gurluşygynyň barşyna garaldy. Işleriň möhletlerine we hiline gözegçilik etmegiň zerurdygy bellenildi.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......