M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagy açylar

  • 05.04.2026 19:34
  • 8.1k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp, Gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewanyň we R.Bazarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maslahatyň dowamynda Gaznanyň çagalara kömek bermäge, olaryň saglygyny dikeltmäge, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömeklerini ibermäge gönükdirilen häzirki işleri barada maglumat berildi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edilen çagalar üçin dikeldiş lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýlandygy bellenildi.

Şeýle hem Hytaýdan tejribeli lukmanlaryň we dostlukly ýurduň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň Türkmenistana gelmegine görülýän taýýarlyk barada maglumat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Gaznanyň haýyr-sahawat işlerini yzygiderli dowam etdirmegiň, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bejerişiň tebigy usullary babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga we ýurduň şypahanalarynyň işini has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns berilmelidir.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagyny açmagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Bu ugur boýunça degişli düzümler bilen özara hereket etmegiň möhümdigi nygtaldy.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......