«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

  • 28.03.2026 01:27
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady. Bu barada 27-nji martda «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Degişli karar döwlet Baştutanynyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi.

Hasabat bilen çykyş eden wise-premýer G.Agajanow döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Bellenilip geçilişi ýaly, türkmen geologlary ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, döwrebap enjamlary ulanmak arkaly seýsmiki barlaglary geçirmek, şeýle hem uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça işleri alyp barýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli teklibi Prezidentiň garamagyna hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak we özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullady we wise-premýere bu ugurda zerur çäreleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......