Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi sapary: ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

  • 01.04.2026 08:02
  • 4.2k+

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gruziýa resmi sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Saparyň çäklerinde wekiliýet ýolbaşçysy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşyp, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny ýetirdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, aýratyn-da BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Gepleşikleriň dowamynda ulag-energetika, söwda we ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Şol gün Türkmenistanyň wise-premýeri Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili bilen hem duşuşyk geçirdi. Bu gepleşikleriň esasy özeni ikitaraplaýyn ykdysady baglanyşyklary giňeltmek, özara maýa goýumlary höweslendirmek we sanly ykdysadyýet, innowasiýalar hem-de energetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boldy.

Duşuşykda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellenilip, bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşyldy.

Saparyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......