Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär

  • 26.03.2026 21:03
  • 4.8k+

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we türkmen tarapynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň Türkmenistana saparyny guramaga taýýardygyny tassyklady.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we energetika howpsuzlygy ýaly ugurlarda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy.

Öz gezeginde, Aýano Kunimitsu sebitdäki ýagdaýlar sebäpli ýapon raýatlarynyň Eýrandan howpsuz çykarylmagy üçin ynsanperwer geçelgäni döretmekde beren goldawy üçin Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......