Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäher häkimliginiň binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

  • 05.04.2026 19:48
  • 7.5k+

Arkadag şäheriniň çägi boýunça häkimligiň ýene bir binasynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen 4-nji aprelde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Saparyň dowamynda ol binanyň aýratynlyklaryny, mejlisler we dürli maslahatlar geçirilýän otaglary, metbugat zallaryny, şeýle hem hojalyk işlerine degişli otaglary gözden geçirdi. Binanyň gurluşygynyň barşy barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik we durmuş maksatly binalar ýaly, edara ediş desgalarynyň enjamlaşdyrylyşynyň döwrebap talaplara laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle desgalarda duşuşyklary geçirmek, žurnalistleriň işini guramak, şeýle hem döwrebap sanly çözgütleri ornaşdyrmak üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häkimligiň işgärleriniň adyndan edara ediş desgalarynyň gurluşygynyň ýokary depginlerini üpjün etmäge berilýän ýardam üçin hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäginiň giňeldilmegi we ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmegi, şonuň ýaly-da onuň halkara giňişliginde wagyz edilmegi ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna birnäçe maslahatlary berdi.


03.05.2026 12:23
8.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

22.04.2026 14:43
10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......