Türkmenistanda wekilçilikli häkimiýet edaralaryna saýlawlar geçirildi

  • 30.03.2026 08:01
  • 4.5k+

29-njy martda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, şeýle hem möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boldy diýip, TDH habar berýär.

Saýlaw uçastoklary sagat 7:00-da açyldy we 19:00-a çenli işledi. Tutuş ýurt boýunça bir wagtyň özünde jemi 578 sany saýlaw uçastogy hereket etdi.

Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň bolsa 102-nji «Jemgyýet», 104-nji «Peşanaly» we 106-njy «Wekil» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça ses bermäge gelen saýlawçylaryň 140 211-isi hasaba alyndy.

Uçastok saýlaw toparlary tarapyndan täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 357 666, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 52 296, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 43 693 hem-de Geňeşleriň agzalygyna 109 027 saýlawçy hasaba alyndy.

Ses bermek pursadyna ähli uçastoklarda milli synçylar gözegçilik etdi. Saýlawlaryň kanunçylyga we halkara kadalaryna laýyklykda geçirilendigi bellenilýär.

Şu gezekki saýlawlaryň aýratynlygy, merkezi saýlaw toparynyň saýtynda saýlawlaryň geçişine onlaýn syn etmek mümkinçiliginiň guralmagy boldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýuna merkezi toparyň maglumatlaryna görä, ses bermegiň netijeleri boýunça saýlawçylaryň gatnaşygy şeýle boldy: täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,14%, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 92,26%, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,47%, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,06% hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 91,20%.

Merkezi saýlaw topary saýlawlary geçirilen diýip ykrar etdi. Uçastoklar ýapylandan soň sesleri sanamak işi başlandy, netijeler ýakyn wagtda türkmen metbugatynda çap ediler.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......