Ministrler Kabinetinde «Türkmenistan – BMG» geňeşiniň bäşinji mejlisiniň gün tertibi mälim edildi

  • 28.03.2026 01:35
  • 4.4k+

«Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisine taýýarlyk görülýär. Çäre 31-nji marta meýilleşdirildi diýip, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Nobatdaky mejlisiň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak meselesine seretmek göz öňünde tutulýar.

Mejlis Türkmenistanyň ilkinji Meýletin milli synyny taýýarlamak maksady bilen EKOSOC-yň howandarlygynda Nýu-Ýorkda geçirilen Syýasy foruma gatnaşmagy we 2019-njy hem 2023-nji ýyllarda özüniň birinji we ikinji Meýletin milli synlaryny hödürlemegi boýunça alnyp barlan işleri dowam etdirmäge bagyşlanar.

Durnukly ösüş meselelerinden başga-da, gün tertibine metan zyňyndylaryny azaltmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň taslamalaryny maslahatlaşmak hem girizildi. Bu ädim BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji mejlisiniň dowamynda Ählumumy metan borçnamasyna goşulandan soň, ýurduň öz üstüne alan borçnamalarynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmesidir.

Maksatnamanyň aýratyn bölegi halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy bolar. Mejlise gatnaşyjylar 2026–2028-nji ýyllar üçin «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» maksatnamasynyň taslamasyny maslahatlaşar.

Şunuň bilen baglylykda, öňünden ylalaşylan 2026-njy ýyl üçin birnäçe resminamalar taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Prezident geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek baradaky teklipleri makullady we Raşid Meredowa ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......