Türkmenistan we ÝB işewürlik forumynda maýa goýumlary hem-de söwdany maslahatlaşdy

  • 27.03.2026 20:08
  • 2.2k+

26-njy martda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan «Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler» atly işewürlik maslahaty geçirildi.

Çärä ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň we işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdy.

Forumyň birinji mejlisinde söwdany we maýa goýumlary ösdürmek, telekeçiligiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak hem-de hususy pudagyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meselä aýratyn üns berildi.

Ikinji mejlis ulag-logistika gatnaşyklaryna bagyşlandy. Sanlylaşdyrmak, gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak we halkara ulag geçelgelerini ösdürmek meselelerine garaldy.

Üçünji mejlis «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak we metan zyňyndylaryny azaltmak baradaky meseleleri öz içine aldy.

Forumyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmäge we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, onuň ösmegine güýçli itergi berer.

Şeýle hem çäräniň jemlerini jemleýän metbugat maslahaty geçirildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we hususy pudagynyň wekilleri ýewropaly hyzmatdaşlar bilen geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmak üçin birnäçe duşuşyklary geçirdi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......